Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady


Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady



Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana, BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktuma we BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýana, şeýle hem ýurduň halkyna Birleşen Arap Emirlikleriniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

«Türkmenistan» gazetiniň 2-nji dekabrdaky sanynda habar berlişi ýaly, döwlet Baştutanymyz açyklyk, birek-birege hormat goýmak we düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň uzak möhletleýin hem-de köpugurly häsiýete eýedigini nygtap, özara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine hem-de pugtalandyryljakdygyna, doganlyk halklaryň bähbidine täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna berk ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana, BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktuma we BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, BAE-niň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk hem-de mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw etdi.