Arkadag şäheriniň häkiminiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Germaniýada gulluk iş saparynda bolar


Arkadag şäheriniň häkiminiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Germaniýada gulluk iş saparynda bolar



Jemagat hyzmatlarynda peýdalanylýan, tygşytlylyk hem-de ekologiýa howpsuzlygy babatda halkara talaplara laýyk gelýän ýöriteleşdirilen awtoulaglaryň, ugurdaş tehnikalaryň, gurallaryň we enjamlaryň öndürilişi, şeýle hem olaryň tehniki aýratynlyklary bilen tanyşmak üçin, Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2023-nji ýylyň 13 – 18-nji noýabry aralygynda Germaniýa Federatiw Respublikasynda gulluk iş saparynda bolar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Buýruga 11-nji noýabrda gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.