Watanymyzyň rowaçlygynyň we halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine


Watanymyzyň rowaçlygynyň we halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine

Hormatly Prezidentimiz Daşoguz welaýatynyň baş metjidinde sadaka berdi



27-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitiň baş metjidinde berlen sadaka gatnaşdy.

Baş metjit hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda 2015-nji ýylyň oktýabr aýynda açyldy.

Şol gün Daşoguz welaýatynyň baş metjidinde milli Liderimize Mekgeden ýadygärlik sowgady hökmünde iberilen keramatly Käbäniň ýazgysy bolan örtük we keramatly teperrik goýuldy.

Soňra hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň müftüsi we Daşoguz welaýatynyň baş metjidiniň ymamy bilen bilelikde metjidi synlap, onuň binagärlik we bezeg aýratynlyklary, bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdy.

Milli Liderimiz metjitden çykyp, sadaka bermek üçin niýetlenen bina bardy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň jöwher paýhasyndan kemal bolan, Türkmenistana, onuň gadymy we şu günki taryhyna, baý medeni mirasyna, mähriban topragymyzyň tebigatyna bagyşlanan ajaýyp eserlerinden düşen galamhakynyň serişdeleriniň hasabyna sadaka berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň müftüsine söz berdi. Ol tebärek çykandan soň, nahar çekildi. Tagam dadylyp, aýat-töwir edildi.

Şol gün metjitde hormatly ýaşulularyň hem-de ilatyň gatnaşmagynda juma namazy okaldy.

Doga-dilegler edilenden soň, oňa gatnaşanlar metjitde goýlan mukaddesliklere tagzym etdiler.