TÜRKMEN AÝDYM-SAZ SUNGATYNDA BEDEW ATYŇ TARYPY


TÜRKMEN AÝDYM-SAZ SUNGATYNDA BEDEW ATYŇ TARYPY



Berkarar döwletiň täze eýýamynyň «Galkynyşy» döwründe Hormatly Prezidentimiziň başlangyç tagallalary bilen ýurdumyz bedew bady deýin günsaýyn ösyär, özgerýär. Biziň milli buýsanjymyz bolan deňi taýy bolmadyk, ýyndam bedew atlarymyz taryhda we häzirki wagtda hem uly orun eýeläpdir.

Hormatly Arkadagymyzyň «Ganatly bedewler», «Ahalteke bedewi-biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew» ýaly döreden eserlerinde türkmen bedewlerimizi waspy giňden beýan edilýär. Onuň müñýyllyklaryň dowamynda sungat hökmünde kemala gelşi, gylyk-häsiyetleri barada beýan edilip, gymmatly maglumat çeşmesi bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar sapa-da» atly kitabynda halkymyzyň watançylygynyň ynsanperwer ýörelgeleriniň kemala gelmeginde bedewlerimiziň orny has ýokary bolupdyr. Türkmen bedewi adamzat medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolup, gadymdan bäri edebi ýazgylaryň esasy gahrymany bolmagynda galýar» diýip belleýär. Ata-babalarymyz ýüwrük bedewlerine atlanyp, dünýa ýol salypdyrlar. Olar milli medeniýetimiziň genji-hazynasy bolan ajaýyp bedewlerimizi oñat seýisläp, köpeldip we ganyny arassa saklap nesillerimize galdyrypdyr» diýip belleýär. Bedew atlarymyzyň tarypy biziň milli medeniýetimizde, edebiýatymyzda we aýdym-saz sungatymyzda tutýan orny aýratyn bellärliklidir. Muňa «Oguznama», «Gorkut ata», «Görogly» eposlarynda giňden beýan edilýär. Muña mysal edip «Görogly» – da «Saňa at diýmerin, gardaş diýerin» diýip bedew atyň özüniň diňe bir hyzmatyny edýän jandary däl-de, eýsem ýoldaşy hökmünde görýändigi eserde beýan edilýär. Bu bolsa milli gahrymanymyz bolan Göroglynyň «Gyrat» atly atynyň ýanyndan aýrylman onuň bilen dost-ýar, ýoldaş bolandygyny görkezýär. Muňa mysal hökmünde «Oguznama», «Gorkut ata», «Görogly» eposlarynda duş gelyän birnäçe aýdymlary, türkmen halk sazlary bolan «At çapan», «At çapar», «Göroglynyň at oýnadyşy» ýaly sazlary görkezmek bolar. Bu eposlarda duş gelýän birnäçe ýola salynyp aýdylýan aýdymlar bar. Aýdymlardan «Gyrat, meni Çandybile sen ýetir», «Bedew atly, demir donly Görogly», «Gyrat sen», «Gyratym» ýaly birnäçe aýdymlary mysal getirmek bolar. Türkmen nusgawy we mukamçy kompozitorlarymyzyň «Meleguş», «Gyratym», «Bedewler», «Gyratym girse meýdana», «Sen ak atda, sen gyratda ganatda» ýaly bedew atlarymyzy wasp edýän birnäçe aýdymdyr-sazlary görkezmek bolar. Bu aýdym sazlarda bedew atlarymyza bolan söýgi, owadanlygy, çeýeligi we ýyndamlygy beýan edilýär. Bedew atlarymyz häzirki wagtda dünýa ýüzünde owadanlygy, ýyndamlygy bilen tanalyp älem-jahana ýaň salýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy we atçylyk sport toplumy, ýurdumyzyň bäş welaýatynda hem ýerleşýän aýlawlar açylyp ulanylmaga berildi. Bu ýerlerde geçirilýän çärelerde hem bedew atlarymyzyň tarypy biziň aýdym sazlarymyzyň üsti bilen görkezilýär.

Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Milli bedew baýramçylygy dabara bilen bellenip geçilýär. Bu baýramçylyk mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk toplumynda geçirilýän çärede hem bedew atlarymyzyň tarypy bagşy-sazandalarymyzyň aýdymdyr-sazlary bilen wasp edilýär. Bu aýdym-sazlar bedew atlarymyza ruhy taýdan goldaw berip, olaryň güýjüne güýç goşýar. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň dünýä ýüzündäki çykyşlarynda hem biziň milli aýdymdyr-sazlarymyz ýaňlanyp, olaryň çykyşlarynyň has-da şowhunly we joşgunly görkezip, olaryň üstünligine uly goşant goşýarlar. Ýakyn günlerde «Ahalteke atlarynyň gözelligi, ýyndamlygy üçin» nominasiýa hökmünde ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni gymmatlyklarynyň sanawyna girizilmek meýilleşdirilýär. Bu bolsa milli ahalteke bedewleriniň şan-şöhratynyň, dabarasynyň dünýä ýaň salýanlygynyň alamatydyr. Şeýlelik bilen, Gahryman Arkadagymyzyň we onuň dowamaty bolan Serdarymyzyň bedew atlarymyzy we milli medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä tanatmakda edýän taýsyz tagallalary üçin köp sagbolsun aýtmak bilen, onuň janynyň sag, tutýan tutumly işleriniň mundan beýläk hem hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýärin.