Saz älemindäki ylmy ösüşler


Saz älemindäki ylmy ösüşler



Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Aspirantura bölüminiň guramagynda “Saz älemindäki ylmy ösüşler” atly aspirantlaryň, doktorantlaryň hem-de dalaşgärleriň okuw - usuly maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň wekilleri, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň aspirantlary, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň dalaşgärleri, aspirantlary, doktorantlary, saz-etnografiýa laboratoriýasynyň ylmy işgärleri, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidatlary, halypa-professor mugallymlar, ýaş öwreniji mugallymlar şeýle-de sazşynas hünärinde okaýan talyplar gatnaşdylar.

Bu okuw - usuly maslahatynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýine bagyşlanyp Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Aspirantura bölüminiň başlygynyň w.w.ý.ý. G. Annanepesowanyň “Magtymgulynyň döredijiliginde aýdym-saz adalgalary”, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Sazyň taryhy kafedrasynyň uly mugallymy, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty A. Açylowyň “Türkmen kompozitorçylyk mekdebiniň kemala gelmeginde Magtymgulynyň döredijiliginiň ähmiýeti”, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň aspiranty L. Omirowanyň “Magtymguly we dünýä edebiýaty” atly çykyşlary uly dykgat bilen diňlenildi. Şeýle-de Bagşyçylyk sungaty kafedrasynyň uly mugallymy K. Ýowbasarowyň, Saz etnografiki laboratoriýasynyň uly ylmy işgäri A. Mämmetgulyýewiň, aspirant L. Hudaýbediýewanyň bagşy-sazandalaryň baý aýdym-saz mirasy we ýokary ussatlygy talap edýän ýerine-ýetirijilik sungatyň inçeligini açyp görkezýän ylmy çykyşlar diňleýjileriň ünsüni has-da özüne çekdi.

Çykyş edenler professional saz ylmynyň häzirki zaman ösüşi dogrusynda, has takygy wajyp, döwrebap ylmy gözlegleri alyp barmakda hünärmenleriň ylmy garaýyşlaryny çuňlaşdyrmak ýaly meseleleriň üstünde durup geçdiler. Alnyp barylýan ylmy işleriň netijelligini ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilen bu maslahat, soňra ýaşlaryň özlerini gyzyklandyrýan soraglary bilen utgaşyp gitdi.