Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Premýer-ministri bilen gepleşikler geçirdi


Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Premýer-ministri bilen gepleşikler geçirdi



17-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza iş sapary bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Askar Maminiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Milli Liderimiz myhman bilen salamlaşyp, Gazagystan Respublikasynyň ýurdumyzyň möhüm hyzmatdaşy bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny nygtady. Biz geçen ýyllaryň dowamynda ýola goýlan, birek-birege hormat goýmaga esaslanýan döwletara gatnaşyklaryna sarpa goýýarys hem-de olary ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda ösdürmäge uly ähmiýet berýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de iki goňşy ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip hem-de Gazagystanda Türkmenistan bilen gatnaşyklara uly ähmiýet berilýändigini nygtap, döwlet Baştutanymyza Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi.