Berdinyýaz Rejepmedowyň «Konsert – dialogy»


Berdinyýaz Rejepmedowyň «Konsert – dialogy»

Ýakynda, Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri, birnäçe döwlet aýlaglarynyň we baýraklarynyň eýesi, dosent Berdinyýaz Rejepmedowyň 80 ýaş ýubileýi mynasybetli «Konsert-dialog» atly aýdym-saz duşuşygy geçirildi.

Dabaraly konserte ilki bilen Ž.Bizeniň «Karmen» operasynyň «Giriş» uwertýurasy bilen başlandy. Konsert dabarasyny halypany gutlamak bilen oňa ähli älem gowluklaryny arzuw edip, rektor Resul Amangeldiýew açyp berdi. Soňra bolsa Berdinyýaz Rejepmedow barada «Sazyň taryhy» kafedrasynyň uly mugallymy, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Agajan Açylow çykyş etdi.

Konsert çykyşyna halypa Berdinyýaz aganyň türkmen nusgawy we halk sazlaryndan täzeden işlemeginde «Bahar geldi ülkämize» atly kompozisiýasy bilen dowam etdiler. Bu saz eseri üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary orkestri bilen bilelikde solistler fleýtada talyplar Oguljan Nepesowa we Ogulaý Pirjanowa, fagotda Myrat Annamyradow, saksafonda Aýmämmet Guseýnhanow, klarnetde Rasul Nagiýew, depde bolsa «Kakylyp çalynýan saz gurallary» kafedrasynyň mugallymy Yklym Babanyýazow sazandarlyk etdi.

Konsertde «Konserwatoriýanyň zehinleri» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, «Üflenip çalynýan saz gurallary» kafedrasynyň IV ýyl talyby Rasul Nagiýew fortepianoda konsertmeýster Amangül Bazarowanyň sazandarlyk etmeginde J.Werdiniň «Rigoletto» operasyndan «Basso-fantaziýasyny» ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Çykyşdan soňra halypa Berdinyýaz aga ylhamly joşgun bilen Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyryny rus we türkmen dillerinde okap berdi.

Onuň yzýany bolsa, W.Muhatowyň «Ilki söýgim nirede sen» hem-de J.Werdiniň ady agzalan operasyndan Gersogyň aýdymyny «Saz mugallymçylygy» kafedrasynyň uly mugallymy Röwşen Baýramow orkestriň sazandarlyk etmeginde ýerine ýetirdi.

Täsirli aýdym-saz çykyşyndan soňra, «Aýdym, dirižýor saz mugallymçylygy» kafedrasynyň uly mugallymy, dosent Gurban Babaýew hem halypa barada birnäçe ýatlamalaryny paýlaşyp, Berdinyýaz agany ýubileý ýaşy bilen gutlady. I.Bramsyň meşhur «Wenger tansyny» halypa mugallymyň zehinli şägirdi, birnäçe döwlet bäsleşikleriniň ýeňijisi Myrat Annamyradow dirižýorlyk etmeginde ýaňlandy.

Çykyşdan soňra, «Kompozisiýa, saz öwreniş we fortepiano» fakultetiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň adyndan gutlag sözüni «Sazyň taryhy» kafedrasynyň müdiri Bahargül Ýakubowa öz ýakymly ýatlamalary bilen bilelikde gutlady. Ondan soňra şol orkestriň sazandarlyk etmeginde «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi, konserwatoriýanyň uly mugallymy, ussat zenan aýdymçy Aýna Seýitgulyýewanyň Winçenzo di Çiaranyň «Прелесть гордой осанки» atly ispan bolerosyny hem-de Aleksandr Warlamowyň «Что мне жить и тужить» atly aýdymlaryny ýerine ýetirdi.

Soňra bolsa mugallymy, öz ýetişdiren şägirtleriniň biri bolan häzirki wagtda konserwatoriýanyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň «Üflenip çalynýan saz gurallary» bölüminiň müdiri Oktaý Najafow hem gutlag sözüni aýdyp özüniň düzen kwarteti bilen Ýu.Žironyň «Под небом Парижа» saz eserini çalyp berdi.

Aýdym-sazlar bilen dowam etýän konsertde Halkara we milli bäsleşikleriniň ýeňijileri, «Üflenip çalynýan saz gurallary» kafedrasynyň 4-5-nji ýyl talyplary Hydyr Esenow we Rasul Nagiýew bilelikde F.Mendelsonyň «Iki klarnet üçin konsert»-ini konsertmeýster Amangül Bazarowanyň sazandarlyk etmeginde ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.

Soňra bolsa, üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary orkestriniň ýerine ýetirmeginde Andreý Petrow «Полька-галоп» saz eseri ýaňlandy. Yzysüre «Estrada sungaty» kafedrasynyň uly mugallymy hem-de «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi Begenç Moşşyýewiň ýerine ýetirmeginde Eduardo di Capua «O sole mio» hem-de Luiži Densanyň «Poco iamo» («На качельях») atly ajaýyp eserlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Onuň yzýany bolsa aýdymçy Aýna Seýitgulyýewa bilen bilelikde italýan kompozitor Teodoro Kotraunyň meşhur «Santa Luçiýa» atly eserini ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.

Soňlugy bilen konsert saz eserleri bilen dowam etdi. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uçurymy hem-de P.I.Çaýkowskiý adyndaky Moskwa döwlet konserwatoriýasynyň ýanyndaky Gnesinler adyndaky sazçylyk mekdebiniň aspiranty Aýbölek Muhyýewa skripkada K.Sen-Sansyň «Rondo-kapriççiozo»-syny «Ýörite fortepiano» kafedrasynyň uly mugallymy, halkara bäsleşikleriň diplomaty Stella Faramazowanyň sazandarlyk etmeginde ýerine ýetirdi.

Soňra bolsa, «Orkestr dirižýory» kafedranyň uly mugallymy Nury Muhyýew Berdinyýaz agany üstünlikleri bilen ýatlap, ony doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Onuň yz ýany meşhur kompozitor M.Annamyradowyň «Keremli söz» filmi üçin ýazan «Daglara» hem-de «Şasenem-Garyp» dessanyndan «Baga seýle» atly halk aýdymyny Büzmeýin etrap Medeniýet öýüniň aýdymçy-solisti bagşy Mämmet Nuryýew konserwatoriýanyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk sungat mekdebiniň mugallymy Gurbannyýaz Rejepowyň dirižýorlyk etmeginde ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Ýerine ýetirilen aýdymlardan soň «Kompozisiýa» kafedrasynyň uly mugallymy Meret Annamyradow ýerine ýetirijilere berekellasyny ýetirip, halypa barada birnäçe ýatlamalary belläp geçip, ony ýaş toýy bilen gutlap, oňa jan-saglyk, uzak ömür arzuw edip, sungatda has-da uly üstünlik arzuw etdi.

Ondan soňra dabaraly konsertiň jemleýji eserleri ýaňlandy. Ýagny, halypa Ž.Bizeniň «Karmen» operasyndan «Antrakt» bölümi, I.Ştraussyň «Wenger marşy» we ahyrky eser bolan Ç.Nurymowyň «Toý aýdymyny» aýdymçy – uly mugallymlar Röwşen Baýramow, Begenç Moşşyýew hem-de Aýna Seýitgulyýewa dagylar dabaraly ýerine ýetirmeklerinde jemlediler.

Konserti dabaraly we şowhunly ýagdaýda halypa bilen bilelikde fortepianoda sazandarlyk edýän Ýekaterina Darçiýa alyp bardy.

Konsert jemlenenden soňra, Berdinyýaz mugallym ähli ýerine ýetirijilere, tomaşaçy myhmanlara, hem-de mugallymdyr talyplara köp sagbolsunlaryny aýtdy. Mugallymy ýetişdiren şägirtleridir, elinde okap ýören talyplary gül desse çemenleri we birnäçe sowgatlar bilen gutlap, oňa ähli gowylyklary arzuw etdiler.

Döwran GYLYJOW