Aýdym-saz ussatlarynyň gatnaşmagynda halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi


Aýdym-saz ussatlarynyň gatnaşmagynda halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Russiýanyň döwlet kitaphanasynyň, Moskwanyň «Dutaryň owazy» atly halkara festiwal guramasynyň gurnamagynda aýdym-saz ussatlarynyň gatnaşmagynda halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi.

«Medeni araçäkde milli kompozitorçylyk mekdepleriň döreýiş aýratynlyklary» ady bilen geçirilen bu ylmy maslahata sungat ojagy bolan Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň professor-mugallymlary üstünlikli gatnaşdylar. Şeýle-de bu halkara maslahata Azerbeýjanyň Döwlet saz medeni muzeýiniň işgärleri, N.A.Rimskiý-Korsakow adyndaky Sankt-Peterburgyň döwlet konserwatoriýasynyň, A.I.Gersin adyndaky Russiýanyň döwlet pedagogiki uniwersitetiň, German-rus medeni-ylmy akademiýasynyň professor-mugallymlary, Fransiýanyň Amadeus Europe Akademiýasynyň agzalary we beýleki alymlar gatnaşdy. Maslahatyň dowamynda edilen çykyşlar professional saz sungatymyzyň halkara sungat äleminde ýokary derejelere ýetendiginiň aýdyň subutnamasy boldy.

Professor-mugallymlar bilen bir hatarda ýaş mugallymlaryň hem talyplaryň gatnaşmagy ýaş hünärmenleriň ele alýan hünärleriniň ussatlary bolup ýetişýändikleriniň aýdyň subutnamasydyr.