Türkmenistanyň öňdebaryjy oba hojalyk işgärlerine döwlet sylaglary gowşuryldy


Türkmenistanyň öňdebaryjy oba hojalyk işgärlerine döwlet sylaglary gowşuryldy



Ozal habar berşimiz ýaly, 10-njy noýabrda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, ýurdumyzyň raýatlarynyň uly toparyna her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde bellenilýän Hasyl toýy mynasybetli döwlet sylaglary gowşuryldy.

Şu gün S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde geçirilen baýramçylyk dabarasynda Şa serpaýyna mynasyp bolan ildeşlerimize sowgatlary gowşurmak dabarasy hem geçirildi.

Baýramçylyk dabarasynyň dowamynda ýurdumyzda oba hojalyk toplumyny ösdürmek ugrunda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işleriniň has-da üstünliklere we rowaçlyklara beslenýändigini buýsanç bilen bellenildi. Şeýle-de eziz Diýarymyzyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän ildeşlerimiziň çeken zähmetine ýokary baha berlip olara döwlet sylaglarynyň gowşurylýandygyny hem nygtadylar.