Talyplaryň täsirli sergisi
Watanymyzyň geljegi, buýsanjy hasaplanýan ýaşlar baradaky alada mähriban Arkadagymyzyň elmydama üns merkezinde. Ýaşlaryň kämil derejede bilim alyp, geljekde öz hünäriniň hakyky eýeleri bolup ýetişmekleri üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler bar. Şeýle ajaýyp mümkinçiliklerden peýdalanýan ýaş suratkeş talyplar hem okaýarlar, öwrenýärler we döredýärler. Sungatyň ýaş wekilleri Arkadagly bagtyýar zamanamyzyň ösüşlerini, üstünliklerini döredýän ajaýyp eserlerinde suratlandyrýarlar. Çünki, hormatly Prezidentimiz: «Döredilýän eserler durmuşdan üzňe däl-de, çuň mazmunly ýokary çeperçilikli, halkymyzyň milli aýratynlyklaryny we durmuş hakykatyny beýan edýän eserler bolmalydyr» diýip belleýär.
Golaýda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda «Bitarap Watanymyzyň gujurly ýaşlary» atly döredijilikli bäsleşik sergisi açyldy. Bu sergide ýokary okuw jaýymyzyň iň zehinli talyplarynyň we ýurdumyzyň dürli künjeklerinde zähmet çekýän ýaş uçurymlarymyzyň döredijilik işleriniň sergisi sergilendi. Bu sergide gujur – gaýratly talyplaryň işleri tomaşaçylara görkezilip, onda nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşlyk, külalçylyk, zergärçilik, halyçylyk we ýaş sungaty öwrenijileriň taýýarlan albomlary we kitapçalary görkezildi. Dürli žanrlarda ýa-da temalarda şekillendirilen eserler sungatyň ýaş wekilleriniň döredijilik pikirlerinden, garaýyşlaryndan ýüze çykan taslamalardyr.
Watanymyzyň rowaçlyklaryndan ruhlanýan bagtly talyplar şeýle sergilere gatnaşýandygy üçin hormatly Prezidentimize çäksiz minnetdardyrlar.