Arassaçylygy berjaý etmeli
Howanyň gyzyp, dürli ir-iýmişleriň bişmegi bilen, tomus paslynda arassaçylyk doly berjaý edilmedik ýagdaýynda çagalaryň arasynda ýiti içege keselleriniň döremek howpy ýüze çykýar. Içege kesellerini bakteriýalar we wiruslar döredýär. Lukmançylykda başgaça «Hapa elleriň keseli» diýlip atlandyrylan bu keselden goranmak üçin, ilki bilen, onuň geçiş ýoluny aýdyňlaşdyrmak zerur. Içege ýokanç keselleri döredijiler bedene hapa elleriň, iýmitiň, suwuň üsti bilen düşüp, içegäni zeperlendirýär. Arassaçylyk düzgünleri berk berjaý edilmedik ýagdaýynda kesel döredijiler gapy tutawaçlarynda, süpürgiçlerde, çaga emziklerinde, gap-gaçlarda, miwelerde saklanýar we ýaşaýar.
Içgeçme bilen näsaglan çaga ynjalykdan gaçyp aglaýar, işdäsi kesilýär, ukusy bozulýar, bedeniň gyzgyny ýokarlanýar, gaýtarýar, içi geçýär. Täreti suwuk bolup, ýaşyl reňke geçýär. Täretinde iriň, käte gan görünmegi mümkindir. Çaganyň gusmagy we häli-şindi içiniň geçmegi netijesinde onuň bedeninde suwuklyk azalýar. Çaga ysgyndan gaçýar, teşnelik bilen suw içýär. Derisi we görünýän nemli bardalary guraýar, gözleri çökýär, gözýaşy azalýar. Bu alamatlar bir ýaşa ýetmedik çagalarda has-da agyr geçýär.
Içgeçmeli çagany özbaşdak bejermäge synanyşmak howpludyr. Keseliň alamatlary ýüze çykanda, haýal etmän maşgala lukmanyna ýüz tutmaly. Lukman gelýänçä, çaga çaý, gaýnadylyp sowadylan suwuklygy, düzüminde mineral duzlary saklaýan regidron erginini bermeli. Dermanyň bir haltajygyny gaýnadylyp sowadylan bir litr suwda eretmeli. Taýýar bolan ergini çaga her 3-5 minutdan bir çaý çemçeden içirmeli. Şeýle edilen ýagdaýda ýitirilen suwuklygyň öwezini dolduryp bolar.
Şu aşakdaky düzgünler berk berjaý edilende, içgeçme ýaly ýokanç kesellerden goranmak mümkindir:
— maşgalada arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmeli;
— gök önümleri, miweleri iýmezden ozal akar suwuň aşagynda gowy edip ýuwmaly, soňra olaryň üstünden gaýnag suw akdyrmaly;
— yssy howada köpräk suwuklyk (kompot, gatyk, çaý, ýandagyň demlemesi) içmeli;
— aşhananyň içini hemişe gözegçilikde saklamaly. Iýmit önümlerini sowadyjyda ýa-da ýapyk gaplarda saklamaly, siňeklerden goramaly;
— çagalaryň ellerini ýygy-ýygydan sabynlap ýuwmagyna gözegçilik etmeli;
— çagalara köçede, ulagda, howluda oýnaýan wagtlary iýmit iýmegine ýol bermeli däl.
Toýbibi Gulmämmedowa