Türkmenistanda geljek hepde howanyň sowamagyna garaşylýar


Türkmenistanda geljek hepde howanyň sowamagyna garaşylýar



Geljek hepde Türkmenistanyň paýtagtynda gyşyň ilkinji garynyň ýagmagyna we 0 gradusdan pes temperaturanyň bolmagyna garaşylýar. Muny «Gismeteo», «The Weather Channel» we «Яндекс Погода» ýaly hyzmatlaryň çaklamalary görkezýär.

11-nji dekabrda Aşgabatda iň ýokary temperatura 0 dereje bolar, agşam bolsa howanyň temperaturasy -5... - 9 garadusa çenli aşak düşüp biler.

Şol gün Türkmenistanyň paýtagtynda 5,9 mm çenli ilkinji garyň ýagmagy mümkin. Garyň galyňlygy 2,9 sm bolar.

Bir günden soň şäherdäki temperatura -12 derejä çenli aşak düşüp biler.

Şu hepde Aşgabatda howa 6-njy dekabrda has sowuk bolar. Sişenbe güni temperatura +22 derejeden çarşenbe güni +13-e çenli aşak düşer. Soňra indiki hepde temperaturanyň ýuwaş-ýuwaşdan sowamagyna garaşylýar.