Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň jemleri bilen bagly, ýaşlaryň baýramçylyk konserti guralar


Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň jemleri bilen bagly, ýaşlaryň baýramçylyk konserti guralar



Ozal habar berşimiz ýaly, 2-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, saparynyň barşynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyryklaryna laýyklykda, ýaşlar ýylynyň jemlerini jemlemek, ähli ulgamlarda öz hünär ugurlary boýunça göreldeli zähmet çekip, ýurduň ösüşlerine mynasyp goşandyny goşýan, halkara bäsleşiklerde, sport ýaryşlarynda baýrakly orunlary eýeläp, Watanyň at-abraýyny belende galdyrýan ýaşlary sylaglamak babatda öňde durýan möhüm wezipeler bilen bagly iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynda ýylyň ahyrynda ýaşlary sylaglamak dabarasy tamamlanandan soňra, Türkmenistanda täze taryhy döwürde üstünlikli durmuşa geçirilýän beýik işleriň waspyny beýan edýän konsertiň geçiriljekdigi barada aýdyldy. Şeýle-de konsertiň dowamynda ýaşlaryň ýerine ýetirjek aýdym-sazly çykyşlarynyň döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz ruhy baglanyşygyny, döredijilik ylhamyny alamatlandyrmalydygy bellenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow konsertiň taryhy wakalara beslenen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň dabaraly jemlenmesine öwrülip, hemmeleriň durmuşynda ýatdan çykmajak ýakymly pursatlara beslenmelidigini aýtdy we onuň ählitaraplaýyn ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.