Hormatly Prezidentimiz Türkiýe Respublikasynyň Prezidentini Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy


Hormatly Prezidentimiz Türkiýe Respublikasynyň Prezidentini Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy

Ozal habar berşimiz ýaly, 26-njy oktýabrda Türkiýe Respublikasynda resmi saparda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türk kärdeşi Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berilmegine görä, özara düşünişmek we oňyn ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda iki döwletiň Baştutanlary türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň giň ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Rejep Taýyp Ärdogan hyzmatdaşlygyň häzirki tapgyryndaky hem-de geljekki meýilnamalar bilen baglanyşykly möhüm ugurlary anyklaşdyryp, Türkmenistanyň we Türkiýäniň özleriniň uly mümkinçiliklerini doly herekete getirmek arkaly netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge özara gyzyklanmasyny tassykladylar.

Duşuşygyň çäklerinde taraplar, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara syýasatynyň birnäçe möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde geçirilen gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasyna resmi sapar bilen gelmäge çakylyk hem-de görkezilen mähirli myhmansöýerlik we döredilen amatly şertler üçin Prezident Rejep Taýyp Ärdogana minnetdarlyk bildirip, ýene-de birnäçe günden belleniljek Türkiýäniň milli baýramy – Respublikanyň döredilmeginiň 100 ýyllyk ýubileýi mynasybetli tüýs ýürekden gutlady hem-de türk kärdeşine we doganlyk ýurduň ähli halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, mümkinçilikden peýdalanyp, türk kärdeşi Rejep Taýyp Ärdogany özi üçin amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.