SAGLYK — BAHASYZ BAÝLYK


SAGLYK — BAHASYZ BAÝLYK
Bedeni kuwwatlandyrýan 5 önüm



Sarymsak – ganyň düzümindäki holesteriniň derejesini peseldýär, damarlary arassalaýar, inçekesel taýajyklaryny ýok edýär, işdäni açýar, iýmit siňdiriş fermentleriniňbölünip çykmagyny güýçlendirýär. Düzümindäki kalsiý süňkleriňhem-de dişleriňsagdyn bolmagyny üpjün edýär.

Düýp sogan — zyýanly bakteriýalary ýok edýär, işdäni açýar, iýmit siňdirişigowulandyrýar. Düýp sogan şekere, kalsä we fosfor duzlaryna, kletçatka, organiki turşulyklara, fermentlere, azotly maddalara baýdyr.

Kelem — düzüminde bar bolan A, C we K witaminleri bilen immuniteti güýçlendirmäge ýardam edýär, işdäni açýar, aşgazany, içegeleri dürli kesellerden goraýar we süňkleri berkidýär. Onuňdüzümindäki askorbin turşusy limondyr pyrtykalyňkydan hem köpdür.

Şugundyr — gurçukpisint bakteriýalary ýok edýär, bedendäki galyndylary çykarýar, böwregiň, bagryň, gan-damar ulgamynyňarassalanmagyna kömek edýär, şeýle hem gan damarlarynyňdiwarjyklaryny berkidýär.

Alma — altynsow stafilokokkany ýok edýär, bedeniňýokanç kesellere garşy göreşijilik ukybyny güýçlendirýär we gan aýlanyşygyny dikeldýär. Düzüminde demir, C witamini, pektinler we kletçatkalar bar.