Ýaş nesil hakda alada


Ýaş nesil hakda alada



Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň atalyk aladalary netijesinde, beýleki pudaklar bilen bir hatarda, bilim ulgamy hem uly ösüşlere eýe bolýar. Ýaş nesilleriň dünýä derejesinde ylym-bilim alyp, ruhy hem-de beden taýdan sagdyn adamlar bolup ýetişmekleri üçin taýsyz tagallalar edilýär. Esasan hem, geljegimiz bolan ýaş nesliň, bu babatda dünýä garaýşynyň giň bolmagy möhümdir. Bu elbetde, jemgyýetimiziň geljeginiň has-da sagdyn bolmagyny üpjün eder. Bu bolsa geljek nesillerimiziň sagdyn aň düşünjeli bolup, il-günüň guwanjy boljakdygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Mekdep okuwçylaryna ýangynyň öňüni almak boýunça endikleriňdir, bilimleriň berilmegi möhüm döwlet ähmiýetli wezipedir. Ot bilen seresaply bolmagyň endiklerini terbiýelemek, munuň özi ozaly bilen çagalardyr, ýetginjekleriň saglygyny goramak ugrundaky göreşdir. Şonuň üçin, ýangynyň öňüni almak, ýangyn howpsuzlyk meselelerini okuwçylara düşündirmek bilen baglanşykly bolan hemme çäreler umumy bilim berýän mekdepler bilen bir hatarda mekdepden daşary bilim berýär beýleki çagalar edaralarynyň okuw terbiýeçilik işleri bilen içgin baglanyşdyrylmalydyr.
Okuwçylara ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini öwretmek, olarda döwlet emlägine aýawly garamak, olary ýangyndan goramak babatda ululara kömek bermek, ýangynyň öňüni almak hem-de söndürmek boýunça, şeýle hem ýangyn hadysasynda ejir çekenlere ilkinji kömegi bermek boýunça endikleri terbiýelemek maksady bilen, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, «Güneş» žurnalynyň redaksiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky çagalar çeperçilik mekdeplerinde we çagalar sungat mekdepleriniň çeperçilik bölümlerinde okaýan ýaş suratkeşleriň arasynda reňk we galam bilen surat çekmek ugurlary boýunça «Abadan, asuda — Bitarap Watan!» ady bilen döredijilik eserleriniň bäsleşigi yglan edildi.
Häzirki wagtda bäsleşigiň Düzgünnamasyna laýyklykda degişli şertler boýunça etrap, şäher tapgyrlary dowam edýär. Bu bäsleşige çagalar çeperçilik mekdeplerinde we çagalar sungat mekdepleriniň çeperçilik bölümlerinde okaýan ýaş suratkeşleriň örän hyjuwly gatnaşýandyklarynyň şaýady bolduk. Ýaňy ýakynda Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky we 2-nji çagalar çeperçilik mekdepleriniň okuwçylarynyň bäsleşige taýýarlanyşyny görmek maksady bilen mekdeplere baranymyzda, çagalaryň Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 109-njy harbylaşdyrylan ýangyn howpsuzlyk bölümine gezelenje gidendikleri barada habar berdiler. Biz hem şol habary eşidip, suratkeşleriň arasyna bardyk. Çagalar höwes bilen bäsleşigiň düzgünnamasyndaky temalar esasynda surat çekýändikleriniň şaýady bolduk. Çagalar bilen söhbetdeş bolanymyzda, olar şu bäsleşigiň üsti bilen ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň ençemesini öwrenendiklerini, ýangyn söndüriji söweşjeň toparynyň alyp barýan işleri bilen içgin tanyşandyklary barada gürrüň berdiler.