SAGLYGYMYZY GORALYŇ!


SAGLYGYMYZY GORALYŇ!



Kesellerden goranmak üçin şahsy goranyş çärelerini doly we dogry berjaý etmegimiz zerurdyr. Munuň üçin her birimiziň dem alyş ýollary üçin niýetlenen gorag serişdelerini, agyz-burun örtüklerini ulanmagymyz, köpçülik ýerlerinde bellenilen aralygy saklamagymyz möhümdir.
Eliňi sabyn bilen 20 sekundyň dowamynda akar suwda ýuwmak, burnuň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmak, agyz boşlugyny duzly suw bilen çaýkamak (1 bulgur gaýnadylyp sowadylan suwa 1 çaý çemçesi duz goşmaly) maslahat berilýär.
Dermanlyk ösümlik bolan üzärligi tütedip, otagyň howpsuz mikroklimatyny üpjün etmek, çygly arassalaýyş işlerini geçirmek hem ýiti respirator ýokanç kesellerinden goranmakda peýdalydyr.