Danalar dür saçanda...


Danalar dür saçanda...



Siziň sagdynlygyňyz özüňize goýýan hormatyňyzyň netijesidir.
I. GERÇIKOW.

Saglygy bolanyň umydy, umydy bolanyň hemme zady bardyr.
B. DISRAELI.

Ýürekden gülýän we yhlasly işlap bilýän adam saglygyň eýesidir.
S. FREUD.

Hereketde bolmak, ýöremek―pikirlere, beýniniň sazlaşykly işlemegine oňaýly täsir edýär.
Ž.Ž.RUSSO.

Keseliň müňlerçe görnüşi bar, saglyk welin birdir.
L.BÝORNE.

Dünýäniň iň gowy lukmanlary: rahat durmuş we şatlykdyr.
J.SWIFT.

Sagalsam ― häkimdirin, sagalmasam―men kimdirin?

* * *
Sagbaşym ― soltan başym.

* * *
Ter armyt sapagyndan düşmez.

* * *
Saglyk isleseň ― köp iýme, hormat isleseň ― köp diýme.
Atalar sözi.

Akylly adam hassa bolup ajy derman içende, saglygyň nä derejede lezzetlidigine göz ýetirer.
Muhammet FARABY.

Saglygyň özi lezzet ýa-da ir-u giç lezzeti döredýär. Edil oduň ýylylygy döredişi ýaly.
T.MOR.