Ýylyň ähli paslynda saglygyňyzy goraň!


Ýylyň ähli paslynda saglygyňyzy goraň!



Ýurdumyzda raýatlarymyzyň saglygyny goramak, dürli ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, degişli çäreler döwlet derejesindäki talaplara laýyk geçirilýär. Pasyllaryň çalyşmagy netijesinde ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, pasyllara görä gün tertibini dogry alyp barmak zerur bolup durýar.

Şol maksat bilen her birimiz:

1. Bedeniň kesele garşy göreş ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sag- dyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, sagdyn iýmitlenmeli. Ir säher bilen we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli. Ýöne derläp, saç öl ýagdaýda daşaryk çykmaga ýol bermeli däl. 2. Özüňiziň hem-de perzentleriňiziň burnunyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmaga endik edinmeli.
3. Pasyllara görä geýinmeli we witamin C — askorbin turşusyna baý önümleri kabul etmeli (miwe şirelerini, bally we limonly gök çaýy, itburun demlemesi, alma, pyrtykal miwe şireleri, kelem, käşir we beýleki bakja önümleri).
4. Iş ýeriňizde we öýüňizde otaglaryň howasynyň tämiz bolmagyny gazanmaly. Onuň üçin penjiräni ýa-da gapyny wagtal-wagtal açyp, otagy ýelejiredip durmaly, ýöne şemalyň ugrunda özüňiziň ýa-da çagalaryňyzyň durmagyna ýol bermeli däl.
5. Milli tagamymyz bolan unaş möwsümleýin keselleriň hem öňüni almakda we ony ýeňil geçirmekde örän ähmiýetli tagamdyr. Oňa gyzyl burç atyp peýdalanmak maslahat berilýär, sebäbi gyzyl burç fitonsidlere baý.
6. Ýiti respirator ýokanç keselleriniň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda hökman öýde galmaly we maşgala lukmanyna ýüz tutmaly. Lukman tarapyndan bellenilen bejergini doly we dogry berjaý etmeli.
7. Asgyran ýa-da üsgüren wagtymyzda hökman elýaglyk bilen agzyňyzy we burnuňyzy ýapmaly.
8. Elleri elmydama arassa ýagdaýda sak- lamaly we ýygy-ýygydan sabynly suw bilen ýuwmaly, howpsuz 2 metr araçägi berjaý etmeli, agyz-burun örtüklerini doly we dogry dakynmaly.
9. Derman serişdelerini özbaşdak, lukman bilen maslahatlaşman kabul etmeli däl. Esasan hem, bu antibakterial serişdelerine degişli. Sebäbi, antibakterial serişdeleri wiruslara däl-de, bakterialara garşy ukyply. Olary özbaşdak ulanmak birnäçe gaýraüzülmelere getirip biler we bedeniň kesele garşy durnuklylygyny peselder. 10. Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin hökman mähriban Prezidentimiziň bize peşgeş beren «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopediki kitabynda beýan edilýän itburun, çopantelpek, buýanyň köki, käkilik oty ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary içmegi endik edinmeli.
11. Möwsümleýin kesellere garşy sanjymlar hem biziň ýurdumyzda ýola goýlan. Her bir adam öz maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, olary hem kabul edip biler.