TÜRKMEN MANADY — ÝURDUMYZYŇ ÜSTÜNLIKLI ÖSÜŞINIŇ NYŞANY


TÜRKMEN MANADY — ÝURDUMYZYŇ ÜSTÜNLIKLI ÖSÜŞINIŇ NYŞANY



1-nji noýabrda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda milli pul birliginiň — manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 28 ýyllygy mynasybetli, ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata döwlet we paýdarlar-täjirçilik banklarynyň, Ylymlar akademiýasynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň ýolbaşçylary hem-de ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.