«Magtymguly Pyragy-şygyrýet äleminiň çyragydyr» atly aýdym-sazly döredijilik söhbetdeşligi
2024-nji ýyly türkmeniň nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy dünýä halklaryň arasynda meşhurlyk gazanan Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy halkara derejesinde bellenip geçiler. Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmek we halka ýetirmek maksady bilen bu ýylyň şygary hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýilmegi milli mirasymyza goýulýan hormatdyr. Magtymguly Pyragy geçmişiň, şu günüň, geljegiň şahyrydyr. Arkadag şäheriniň Medeniýet müdirliginiň gurnamagynda Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Magtymguly Pyragy-şygyrýet äleminiň çyragydyr» atly döredijilik duşuşygy geçirilýär.
Duşuşygy Arkadag şäheriniň Medeniýet müdirliginiň hünärmenleri we Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň sahna ussatlary, hem-de Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmenleri, şeýle hem Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň orkestri gatnaşýar. Dabara gatnaşanlar Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, şahyryň goşgularyna oý-pikirlerini, milliligini, halkylygyny wasp edýän setirleri dogrusynda gürrüňdeşlik etdiler. Magtymgulynyň edebi mirasy, akyl-paýhasa ýugrulan ajaýyp eserleri türkmen halkynyň arasynda asyrlar boýy ýaşap gelýär.
Türkmen halkynyň baý edebi mirasyny dünýä ýaýmakda giň ýol açan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň mundan beýläkde rowaçlyklara ýar bolmagyny arzuw edýäris.