Tebigatda işjeň dynç almak — şähdaçyklygyň we ruhubelentligiň güwäsi


Tebigatda işjeň dynç almak — şähdaçyklygyň we ruhubelentligiň güwäsi



Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsady wagtynda balyk tutmak bilen meşgullandy

15-nji iýulda dynç alyşda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän ajaýyp kölleriň birinde balyk tutmak bilen meşgul boldy. Diýarymyzyň suw howdanlarynda balyklaryň köp görnüşleriniň bolmagy hem-de olaryň yzygiderli köpeldilmegi kölleriň we howdanlaryň suwunyň arassaçylyk hem-de balyklar üçin ýaramlylyk derejesiniň degişli kada laýyk gelýändigine güwä edýär.
Tebigatyň goýnunda gezelenç etmek, bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmek ýaly balyk tutmagyň hem bähbitli taraplarynyň bardygyny bellemeli. Balyk tutmak pikiriňi bir ýere jemlemek, dem alşyňy, gan basyşyňy kadalaşdyrmak ýaly peýdaly ugurlarynyň bardygyny lukmançylyk ylmy tassyklady. Şeýlelikde, dynç alşy saglyk we beýleki ugurlar üçin bähbitli çäreler bilen meşgullanmak milli Liderimiziň esasy ýörelgeleriniň biri bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyz Diýarymyzyň abadançylygynyň, daşky gurşawyň ýokary ekologiýa derejesine eýediginiň nyşany bolan ajaýyp kölden tutan balyklaryny paýtagtymyzdaky «Döwletliler köşgünde» terbiýelenýänlere sowgat hökmünde iberdi. Milli Liderimiziň howandarlygynda «Döwletliler köşgünde» sazlaşykly ösmek hem-de ýaş türkmenistanlylaryň çuňňur bilim almagy üçin ähli zerur şertler üpjün edilendir.
Çagalar sowgady şatlyk bilen kabul etdiler. Ýörite gapda getirilen balyklary synlap, «Döwletliler köşgüniň» okuwçylary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa atalyk aladasy üçin tüýs ýürekden sagbolsun aýtdylar.