«Dünýä teatry saz sungatynda» atly filarmoniki – lektorçylyk dersi boýunça açyk sapagy


«Dünýä teatry saz sungatynda» atly filarmoniki – lektorçylyk dersi boýunça açyk sapagy

Ýakynda, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy Myrat Gurbanowyň «Dünýä teatry saz sungatynda» atly filarmoniki – lektorçylyk dersi boýunça açyk sapagy geçirildi. Mugallym açyk sapakda, sazly teatryň döreýşi, ýagny ilkidurmuş jemgyýetinde, ilkinji gezek Gadymy Gresiýa we Rimde döreýşi barada, soňra bolsa barokko döwründe Ýewropa ýurtlarynda ýagny, Italiýa, Germaniýa, Fransiýa, Angliýa ýaly döwletlerde döreýşi we olaryň ilkinji dramaturglary we teatr üçin saz ýazan kompozitorlary barada birnäçe gyzykly gürrüňler berdi. Mugallym soňra Gadymy Rus döwletlerinde hem-de Gündogar Ýewropa dörän görnüşleri we olaryň ýerine ýetirijileri barada aýdyp geçdi. Esasy olaryň teatr aýratynlygy meşhur belli şahyrlary A.S.Puşkin, M.W.Lermontow, N.W.Gogol, S.Ýesenin, A.P.Çehow ýaly şahyrlaryň teatr eserleri barada gürrüň berdi. Soňra Aziýa we Afrika ýurtlarynda teatr sungatynyň döreýşi barada gürrüň berdi. Ýagny, Gadymy Persiýa (Eýran), Hytaý, Hindistan, Ýaponiýa we soň dörän koreý, arap, türk teatr sungatlary barada aýtdy. Soňra bolsa, olaryň ajaýyp teatr çykyşlaryny wideo mysallary arkaly görkezdi. Myrat mugallym çykyşyny döwürleýin böleklere böldi. Ýagny, Merkezi Aziýada ilkinji döreýşi Gazagystan we Özbegistan döwletlerinde bolandygyny belläp geçdi.

Çykyşyň dowamynda mugallymyň V ýyl talyby Aýjemal Hojaýewanyň hem «Türkmen teatr sungaty» atly taýýarlan çykyşyny, onuň döreýiş taryhy, ýagny Türkmenistanda bolsa ilkinji gezek 1925-nji ýylda teatr oýny goýulandygy, 1940-njy ýyldan başlap işjeň işläp başlandygyny birnäçe dessanlaryň esasynda kompozitorlarymyzyň opera ýazyp, olary teatra goýandygy, Garaşsyzlyk döwründe döredilen teatrlaryň bolandygy birnäçe gyzykly maglumatlar berdi. Başga-da IV ýyl talyp Ogulnabat Meretgulyýewa bolsa özüniň «Teatr sungaty» atly çykyşyny etdi we onuň birnäçe görnüşleri barada aýdyp geçdi. Açyk sapaga «Sazyň taryhy» kafedrasynyň uly mugallymy, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Jemile Gurbanowa lektor hökmünde alyp bardy. Bu açyk sapaga kafedranyň talypdyr mugallymlary bilen bir hatarda «Saz mugallymçylygy», «Bagşy» hünäriniň talyplary hem işjeň gatnaşdylar. Olaryň özüniň gyzyklanmalaryny görkezip mugallym bilen birnäçe sorag-jogap alyşdylar.

Humaý AMANOWA