Kämil kanun – kämil jemgyýet


Kämil kanun – kämil jemgyýet



Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylymyzda ýurdumyz diňe ösüşlere tarap gadam basýar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy esasynda ähli ugurlar bilen bir hatarda medeniýetimiz, sungatymyz has hem ýokary derejeler bilen öňe barýar.

Ýaňy ýakynda hem Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda «Kämil kanun – kämil jemgyýet» atly 2020-nji ýylyň 14-nji martynda kabul edilen kanunlaryň mazmunyny düşündirmek hem-de sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň ýokary okuw jaýymyzyň halypa mugallymlarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu duşuşykda Türkmenistanyň kanuny boýunça: Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy Rozyýew Gahryman, «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy Aşyrow Gurbangeldi, «Ekologiýa maglumaty hakynda», şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň Mejlisiniň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň agzasy Göjenowa Aýşat, «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» atly «Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda», Türkmenistanyň Kanuny boýunça hem-de ýurdumyzda durmuşa geçirilýän Konstitusion özgertmeler barada, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň Mejlisiniň Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň başlygynyň orunbasary Sarjaýew Annamuhammet, Ykdysadyýet çygrynda Türkmenistanyň käbir kanunlaryna girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar barada, mundan başga-da ýaşlarmyzyň sagdyn bedenli, sagdyn ruhly bolmaklary, dünýäniň ösen derejesine laýyk ylymly-bilimli bolmaklary üçin Milli Liderimiziň alyp barýan taýsyz tagallalary dogrusynda çykyşlary etdiler. Wagyz-nesihat dabarasynyň ahyrynda ýokary okuw jaýymyzyň uly mugallymy Gözel Aýnazarowa «Baş kanunym – buýsanjym meniň» atly temasy bilen konferensiýany jemledi.