Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýä çempionyny sarpalamak dabarasyna gatnaşdy


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýä çempionyny sarpalamak dabarasyna gatnaşdy



10-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti, Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine geldi. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde türkmen türgeni Ýulduz Jumabaýewanyň 2018-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda eýe bolan ýokary sylagyny gowşurmak mynasybetli guralan dabara gatnaşdy.
Ýurdumyzda guralan we ýokary derejede geçirilen bu iri ýaryş Watanymyzyň halkara sport merkezi hökmündäki abraýyny berkitdi. Şeýle hem milli Liderimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn strategiýanyň uly üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.