TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI


TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI



25-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda Ministrler Kabinetiniň täze düzümini düzmek bilen bagly meselelere hemde resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi. Şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.