Sagdynlyk — bahasyz baýlyk


Sagdynlyk — bahasyz baýlyk



Şu günler howanyň düzümindaki ynsan saglygyna täsir edýän tozan bölejikleriniň agdyklyk edýändigi sebäpli Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi ilata agyz-burun örtüklerini ulanmagy hem-de şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmegi maslahat berýär. Şeýle-de sagdynlygyň girewi bolan sport bilen meşgullanmagymyz we bedenterbiýe maşklaryny yzygiderli ýerine ýetirmegimiz saglygymyzyň berkemeginiň esasy şertleridir.
Ilki bilen, köpçülige çykylanda agyz-burun örtüklerini hökmany suratda ulanmalydygymyzy unutmaly däldiris. Çünki olar bizi howadaky saglyga ýaramaz täsir edip biljek mikroblardan, wiruslardan hem-de bakteriýalardan, allergiýa sezewar etmäge ukyply bolan tozgalardan goraýar. Agyz-burun örtüklerini dogry ulanmak wajypdyr. Örtükler agyz bilen burnuňy dolulygyna örtmelidir. Olary 2 sagat ulananyňdan soň, çalyşmalydyr. Ulanylan, çyg bolan, zeper ýeten ýa-da örtükde wagtyňyz asgyryp-üsgüren bolsaňyz, onda örtügiň bagjyklaryndan tutup, ony zir-zibile zyňmaly-da, elleriňi sabynlap ýuwmaly. Bu düzgünleri çagalara-da öwretmek zerurdyr. Sebäbi käbir çagalar burnuny ýapman, diňe agzyny örtüp oňýarlar ýa-da kähalatda ulanylan örtügi zyňman, ýaňadan dakýan wagtlary-da bar. Çagalara agyz-burun örtüklerini ulanmagyň kadasyny we onuň näme sebäpden dakynylýandygyny düşündirmek wajypdyr.
Tomsuň şu günlerinde sagdyn iýmitlenmegi ýola goýmaly. Saglygyňy berkidýän dürli witaminlere baý iýmit iýip, şypaly içgileri içmeli. Şu günler ata Watanymyzyň bakjaçylary gawun-garpyzyň bol hasylyny ýetişdirip, datly tagamly önümlerini ilata ýetirýärler. Şeýle-de tomsuň şu möwsümi gök ekinleriň bollugy bilen tapawutlanýar. Alma, şetdaly, üzüm, injir, armyt, garaly ýaly miweler hem ilata bolluk bilen hödürlenýär. Jana ýaramly bu önümler witaminlere örän baýdyr. Şonuň üçin hem, gündelik iýmit sanawyna gök-bakja önümlerinden taýýarlanýan tagamlary, ter miweleri ýa-da olardan taýýarlanan şerbetdir mürepbeleri goşmak bedeniňi gurplandyrýar, kuwwat berýär, ýadawlygyňy aýyrýar, nerw dartgynlygyny gowşadýar. Şeýle şypaly, jana tenekar gök we bakja önümleriniň, miweleriň düzümi adamyň sagdynlygy üçin gerekli peýdaly serişdelere baý bolansoň, olaryň adamyň kesele garşy göreşijilik ukybyny artdyrmakda hem ähmiýeti örän uludyr.
Köpçülige çykylanda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň berýän maslahatlaryna eýermelidir. Köpçülik ýerlerinde adamlar bellenilen aralykda, ýagny 1-2 metr aradaşlykda durmalydyrlar. Burnuň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmalydyr. Howa-damja ýoly arkaly geçýän nähoşlugyň öňüni almak üçin, asgyryp-üsgürilen halatynda bir gezek ulanylýan süpürgiji agzyňa tutup, soňra ony zibile zyňmaly-da, elleriňi antiseptik serişdeleri bilen zyýansyzlandyrmaly. Eger ýarawsyzlyk tapynyp, ysgynyňyz ýok bolsa, gyzdyryp, ýürek bulanma, baş aýlanma ýaly alamatlar bar bolsa, özbaşdak bejergi almakdan saklanyp, dessine lukmana ýüz tutmalydygyňyzy unutmaň! Lukmanlaryň degişli bejergileri siziň saglygyňyzyň dikelmegini üpjün eder.

Röwşen JUMAÝEW