Ganatly bedewler — halkymyzyň buýsanjy we şan-şöhraty


Ganatly bedewler — halkymyzyň buýsanjy we şan-şöhraty



Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramynyň hormatyna geçirilen dabaralara gatnaşdy

26-njy aprelda ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy giňden bellenildi, şanly baýramyň hormatyna şol gün Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda esasy wakalar ýaýbaňlandy. Ir bilen bu ýere türkmenistanlylaryň müňlerçesi ýygnandy, bu toplum baýramçylyk çärelerini geçirmek üçin ägirt uly sahnalaşdyrylan meýdança öwrüldi. Ahalteke bedewi milli medeniýetiň, türkmen halkynyň däp-dessurlarynyň dabaralanmagyny alamatlandyran köpöwüşginli tomaşanyň baş gahrymany boldy.