“ATDA WEPA-DA BAR, SAPA-DA” atly çagalar sergisi


“ATDA WEPA-DA BAR, SAPA-DA” atly çagalar sergisi



Bedew baýramçylygy mynasybetli Aşgabat şäheriniň Medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebinde “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly sergi açyldy. Onda görkezilen işleriň ählisinde bedewler wasp edilýär. Mekdebiň kiçijik animalistleriniň işleriniň täsirliligi hem-de hil taýdan tapawutlanýandygy näzik taýçanaklaryň, çapyşyga gatnaşýan ýyndam atlaryň, ajaýyp behişti bedewleriň şekillerinden bellidir. Elbetde, çagalaryň duýgurlygy, başdan geçirmeleri bu işleriň täsirini güýçlendirýär.
Serginiň dowamynda mekdebiň okuwçylary özaralarynda bedewlerimiziň gözelligi, ýyndamlygy, mähremligi dogrusynda söhbet açyp, geljekde atlaryň keşbine bagyşlap döretjek işleri barada pikir alyşdylar. Çagalaryň sungatyň dürli görnüşlerinde bedewleri özboluşly şekillendirmek arzuwlary bolsa mekdebiň mugallymlaryny diýseň begendirdi.