MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ ZENANLARYNYŇ DIALOGY: EL IŞI SUNGATYNY ÖSDÜRMEKDE TEJRIBE ALYŞMAK


MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ ZENANLARYNYŇ DIALOGY: EL IŞI SUNGATYNY ÖSDÜRMEKDE TEJRIBE ALYŞMAK



23-nji noýabrda Türkmenistanyň 2022-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde, noýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilen çäreleriň tertibine hem-de dialogyň 2022-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna laýyklykda, sanly ulgam arkaly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çeper elli zenanlarynyň halkara jemgyýetiniň ilkinji mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, şeýle hem BMG-niň düzüm birlikleriniň wekilleri gatnaşdylar.