«Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan her çärýekde neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Neşir halkymyzyň taryhy-medeni mirasy, şol sanda golýazma, dil bilimini ösdürmegiň meseleleri, edebiýaty öwreniş we taryh ylymlary ulgamynda barlaglaryň netijeleri bilen okyjylary tanyşdyrmagy dowam edýär.
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň suraty žurnalyň daşyny bezeýär. Onuň goşgulary geçmiş bilen şu güni özara baglanyşdyrýan köpri bolup hyzmat edýär. Neşiriň ilkinji sahypalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Bütindünýä saglyk güni, Türkmen bedewiniň milli baýramy, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagynyň güni, Türkmen halysynyň baýramy, Bütindünýä welosiped güni, Ylymlar güni, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Gutlaglaryna orun berlipdir. Däp bolan «Açyşlar we täze işläp taýýarlamalar» bölüminde «Berkarar döwlet» ideýasy: Azady we Magtymguly» atly makala ýerleşdirilipdir. Onda berkarar döwletiň kemala gelmegine Azady hem-de Magtymguly ýaly şahsyýetleriň parasatly pikirleriniň täsir edendigi barada gürrüň berilýär.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow «Ömrümiň manysy» atly ylmy-filosofik eserinde Azadynyň türkmen halkynyň sosiologik we çeper döredijilik taryhynda ilkinji bolup ideal döwlet gurmak meselesini orta atandygyny belleýär. Onuň bu pikirini Magtymguly özüniň şygryýetinde has-da ösdüripdir. «Şahyryň ideýasy türkmen halkynyň ykbalynda açylan täze sahypadyr. Türkmenleriň öz milli däp-dessury, milli dili, milli hüý-häsiýeti, milli baýlygy, milli territoriýasy bilen özbaşdak bitewi halk hökmünde saklanyp galmagynda esasy rol oýnan zadam şol täze sahypady» diýlip, ylmy makalada hormatly Arkadagymyzyň kitabyna salgylanylýar.
«Medeniýetleriň, halklaryň we siwilizasiýalaryň özara gatnaşyklary» bölümi «Magtymgulynyň «Turgul diýdiler» şygrynda sopuçylygyň yzlary» atly makala bilen açylýar. Neşirdäki bu makalada musulman dünýäsiniň köpasyrlyk taryhy tejribesiniň esasynda kemala gelen ynanç-ygtykat taglymatyna, barlyga we bakylyga akyl ýetirmegiň dünýägaraýyşlar ulgamy hökmünde garalýar. Sopuçylyk hem beýleki ugurlar ýaly, edebiýatyň möhüm bölegi hasaplanyp, onuň baş maksady ýaman bilen göreşýän we dogry ýola atarýan edepli, päk, arassa, halal adamy terbiýeläp ýetişdirmekdir. Magtymguly Pyragy sopularyň ylmyndan, hereketlerinden täsirlenip, «Ýar bizim sary», «Birnäçe mysal», «Boldum girýana», «Garşy» atly ajaýyp şygyrlary döredipdir. «Turgul diýdiler» şygrynda şahyr özüniň ruhy saparyny beýan edip, ozal görülmedik täsin ýagdaýa uçraýandygyny — Muhammet pygamberiň özüniň oňa pir bolandygyny nygtaýar. Bularyň ählisi Magtymguly Pyragynyň adamkärçilik, ahlak, edep-terbiýe sypatlary bilen özünde iň gowy häsiýetleri jemleýän, beýik derejelere ýeten keramatly ynsan bolandygyny tassyklaýar.
Bölümde getirilýän «Müňýyllyklaryň jümmüşinden gaýdýan türkmen keşdeçiligi» atly makala hem okyjylaryň ünsüni özüne çekse gerek. Makalada halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden beýik sungaty, nusgawy kadalary we gaýtalanmajak medeni mirasy bilen dünýäde giňden tanalýandygy nygtalýar. Ýurdumyzda ata-babalarymyzdan miras galan milli gymmatlyklaryň, el işleriniň aýawly saklanylmagy we geljek nesillere asylky nusgada ýetirilmegi ugrunda işler alnyp barylýar. El işleriniň hatarynda iň gadymylarynyň biri hem keşdeçilik sungatydyr. Keşde çekmek milli lybaslaryň esasy bölegini düzüp, häzirki döwürde türkmen gelin-gyzlary nagyşlaryň dürli görnüşlerini her dürli ýüpek, ýüň sapaklary, altyn, kümüş, merjen, reňkli daşlary, teňňeleri, hatda merjen daşyny, monjuklary hem ulanyp, örän ussatlyk bilen ýerine ýetirýärler. Çeper ellerden dörän nepis el işleri täsin sungat eseri hökmünde tutuş dünýäni haýrana goýýar.
Keşdeçilik işleriniň ählisi diýen ýaly iňňe bilen ýerine ýetirilýär. Nagyşlaryň dürli görnüşlerini döretmek täri ýurdumyzyň ähli sebitlerine mahsus bolan gadymdan gelýän çeperçilik däplerine esaslanýar. Nagyşlaryň reňk öwüşgini tebigat keşbiniň aýdyň şöhlelenmesidir. Olar özüniň nepisligi, many-mazmuna baýlygy, çeperçiliginiň ýokary derejesi bilen bu senedi sungat derejesine çykarýar. Nagyş atlary dürli ösümlikleriň, gülleriň, haýwanlaryň, guşlaryň, balyklaryň, hatda asman jisimleriniň atlaryndan hem gelip çykýar. Mälim bolşy ýaly, ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça hökümetara komitetiniň nobatdaky mejlisinde türkmen keşdeçilik sungatyny Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizmek hakyndaky çözgüt biragyzdan kabul edildi.
Şol bölümde ýerleşdirilen «Türkmen tebipleri we olaryň zäherli mör-möjekleriň çakan adamlaryny bejerişleri» atly makala hem okyjylarda uly gyzyklanma döreder. Makalada margirler, ýagny zäherli ýylanlary, möýleri, içýanlary tutmak bilen meşgullanýan, çakylan adamlary dermanlyk otlar ýa-da ýylan etiniň kömegi bilen bejerýän, ejir çekenlere zäherli jandarlaryň çakmagynyň netijelerinden dynmaga kömek edýän adamlar hakynda maglumat berilýär. Şeýle hem ejir çekenlere tebipler we Gurhandan aýatlary okaýan mollalar kömek edipdirler.
Ýylanlara iki dünýäni baglanyşdyrýan güýç hökmünde garapdyrlar. Zäherli ýylanlaryň we möýleriň gadymy döwürlerden bäri adamlarda gorky duýgusyny döredýändigi sebäpli, margirlerdir tebipler olara doga-tumarlar edipdirler. Çopanlar ýylana garşy haýbat bilen ýüzlenilýän dogalary ulanypdyrlar, ýöne «çybyk», «gamçy», «ýüp», «guşak», «uzynguýruk» ýaly çalyşma sözlerini ulanyp, onuň adyny tutmandyrlar. Şeýle-de adamlar möýleriň çakmagyndan güýçli ejir çekipdirler. Olara gara möý, biý, ataýry we içýan degişlidir. Zäherli mör-möjekler çakan adamlar kömek üçin margirlere, bejermek üçin käbir ösümlikleri ulanýan halk tebiplerine ýüz tutupdyrlar.
Halk lukmançylygynda ýylanlaryň we möýleriň çakan adamyny bejermekde ulanylýan ösümlikler barada aýdylanda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby tapylgysyz çeşme bolup durýar. Türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümlikler barada maglumatlar jemlenen bu ajaýyp ensiklopediýanyň sahypalarynda ýerli dermanlyk ösümlikleriň, kökleriň we miweleriň onlarça görnüşi, olaryň dermanlyk häsiýetleri giňişleýin beýan edilýär. Bu ösümlikleriň jöwherleri, gaýnatmalary bilen zäherli jandarlaryň çakan adamlaryny bejeripdirler. Şeýle hem makalada zäherli jandarlar çakan adamlary we iri haýwanlary bejermek üçin haýsy usullaryň peýdalanylandygy beýan edilýär.
Neşir «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň jemgyýetçilik, ylmy we medeni durmuşynyň wakalaryna syn» bölümi bilen jemlenýär. Onda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçýän şu ýylyň ikinji çärýeginde ýurdumyzyň jemgyýetçilik, ylmy we medeni durmuşynda bolup geçen wakalara syn berilýär. Bu bölümde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli oňyn syýasy ugry hem-de Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, onuň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriň aýdyň beýany bolan wakalar sene yzygiderliliginde şöhlelendirilýär.
Bu bölümde döredijiligiň, abadançylygyň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň şöhratly ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazylan taryhy waka baradaky maglumatlar uly gyzyklanma döredýär. 29-njy iýunda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň aýdyň nyşany bolan täze Arkadag şäheriniň açylyşy mynasybetli giň gerimli dabaralar ýaýbaňlandyryldy. Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan bu ajaýyp şäheriň gurulmagy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýän ägirt uly özgertmeleriň anyk netijesidir. Arkadag şäherini döretmek başlangyjynyň aýratynlygy onuň türkmen halkynyň ata-babalarynyň şöhratly taryhynyň gözbaş alýan topragynyň iň gadymy künjekleriniň birinde bina edilendigi bilen baglanyşyklydyr.
Türkmen, iňlis we rus dillerinde, ýokary çap usulynda neşir edilen žurnal giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenip, häzirki zaman sungat ussatlarynyň nakgaşlyk eserleri we fotosuratlary, seýrek muzeý hem-de arhiw maglumatlary, kartografik suratlar bilen bezelipdir.