TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI


TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI



4-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, wisepremýerleriň hasabatlary diňlenildi, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ileri tutulýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.