«Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»


«Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»



Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türmenistan-Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda ýurdumyz diňe ösüşlere tarap gadam basýar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy esasynda ähli ugurlar bilen bir hatarda medeniýetimiz, sungatymyz has hem ýokary derejeler bilen öňe barýar. Ýaňy ýakynda hem Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda «Türmenistan-Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly şygara badalga bermek boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ýokary okuw jaýymyzyň halypa mugallymlarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda dabara geçirildi. Bu duşuşykda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy Muhammetnazar Gurbangeldiýew we ýene-de şol komitetiň agzasy Kadyr Daňatarow ýaşlarmyzyň sagdyn bedenli, sagdyn ruhly bolmaklary, dünýäniň ösen derejesine laýyk gelýän ylymly-bilimli bolmaklary üçin milli Liderimiziň alyp barýan taýsyz tagallalary barada çykyşlary etdiler. Şeýle-de dabaranyň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy, Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri Gözel Aýnazarowa, uly mugallym Gülşirin Otuzowa täze ýylyň täze şygarynyň ähmiýeti barada gyzykly gürrüňleri berdiler.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumuzy uly ösüşlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag başynyň dik bolmagyny arzuw etdiler.