BERKARAR DÖWLETIŇ BAGTYÝAR ZENANLARY


BERKARAR DÖWLETIŇ BAGTYÝAR ZENANLARY

Şu günler «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň «Daýanç» sagaldyş merkezinde ýurdumyzyň öňdebaryjy zenanlarynyň gatnaşmagynda okuw-maslahaty geçirilýär.

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň işini kämilleşdirmek, ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak maksady bilen guralan okuw maslahaty «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak ýollarynda türkmen zenanlarynyň maksatly işleri rowaçlanýar» diýlip atlandyryldy.

Maslahatda çykyşlara giň orun berlip, olarda Zenanlar birleşiginiň ýurdumyzyň dürli edara-kärhanalarynda hereket edýän ilkinji guramalarynyň ýolbaşçylary we işjeň agzalary Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýerine ýetiren işleri, zenanlary milli ruhda terbiýelemek, döwrüň gazanan üstünliklerinde zenanlaryň hyzmatyny ýokarlandyrmak maksady bilen öňde durýan wezipeler dogrusynda täsirli söhbetdeşlikler, hasabatlar diňlenildi.

Öňdebaryjy, işewür zenanlaryň hatarynda Arkadag şäheriniň edara-kärhanalarynda, orta, ýörite we ýokary okuw mekdeplerinde zähmet çekýän zenanlaryň bolmagy has-da buýsançly ýagdaýdyr.