«Garaşsyzlygymyzyň – reňk öwüşginleri»


«Garaşsyzlygymyzyň – reňk öwüşginleri»



Ýakynda Hormatly Prezidentimiz Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramyna «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze kitabyny halkymyza sowgat berdi. Aşgabat şäher Medeniỳet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylary hem nusgalyk kitapdan ugur alyp, ýurdumyzda ulydan bellenilýän Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli baýramçylyk sergisi bilen gatnaşdylar. Sergi «Garaşsyzlygymyzyň – reňk öwüşginleri» ady bilen açylyp, oňa mekdebiň nakgaş, heýkel, haly, zergär, bölümleriniň okuwçylary gatnaşdylar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň asudalygyny, ösýän oba – şäherlerimizi wasp edýän eserlerde Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly nusgalyk kitabyndan ugur alyp, milli däp – dessurlarymyz, hekaýalar, rowaýatlar şekillendirilipdir. Her bir sungat eserini synlanyňda okuwçylaryň kämil derejede ýerine ýetirmäge synanyşandygyny görmek bolýar. Watan mukaddesligine bolan söýgüniň päkligini reňkleriň üsti bilen beýan edenliklerini görmek bolýar. Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli gurnalan sergi täsirli geçdi. Bize gahryman Arkadagymyzyň şeýle ajaýyp kitaby, milli mirasymyza bagyşlanan gollanmany peşgeş bereni üçin tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.