“Ýaňlanýan sazlaryň heňi Pyragy” atly baýramçylyk kitap sergisi


“Ýaňlanýan sazlaryň heňi Pyragy” atly baýramçylyk kitap sergisi



Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphanasy Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet Merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň sungat bölümi bilen bilelikde türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlap “Ýaňlanýan sazlaryň heňi Pyragy” ady bilen baýramçylyk kitap sergisi gurnaldy.

Kitap sergisinde şahyryň ömri we dörejiligine degişli edebiýatlar, dürli daşary ýurt dillerinde çap edilen kitaplary hem-de şahyryň sözlerine düzülen aýdym-saz eserleriniň notalary ýerleşdirildi. Kitap sergisi okyjylarda uly gyzyklanma döretdi we söhbetdeşlik geçirildi.



A.ATADURDYÝEWA.