Edebiň ýagşysy - ulyny syla


Edebiň ýagşysy - ulyny syla

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen milli aýdym-saz sungatymyzyň gadymyýetden özboluşlylygyny ýitirmän biziň günlerimize gelip ýetmegi üçin uly goşantlaryny goşan ussat halypalaryň ömri we döredijiligi, ýerine ýetirijilik aýratynlyklaryny öwrenmek, biz talyplaryň öňündäki borjy bolup durýar.

Biziň ýurdumyzda ylym-bilime aýratyn üns berilýär. Şonuň bilen deň derejede ata-babalarymyzdan gelýän milli mirasymyz hasaplanýan aýdym-saz adamzadyň aň-paýhasyndan, ylham joşmasyndan döräpdir. Saz bolsa süňňi-süýegi bilen duýga eýlenen. Ozal Ýaradanyň söýüp-söýläp toprakdan ýaradan ynsanyny saz bilen jana getirişi ýaly, mukam adamyň ruhy süňňüni, göwün tuguny belende galdyrybam, kalbyny melhemsiz sagaldybam bilýändir. Bir zady anyk aýtmak bolar – aýdym-saz hemme döwürlerde-de ynsan kalbyny özüne imrindirýär. Nepislige ýugrulan ynsan ýüregi ilkibaşdan gözellige teşne bolansoň, sungat diýen ägirt uly güýç zeminden, tebigatdan öz paýyny alandyr. Sungatyň naýbaşy nusgalarynyň haýsy birini alyp görseň hem, olaryň tebigylygy, sadadan labyzlylygy haýran galdyrýar. Saz sungatyna bu mertebede artykmaç paý berlipdir, sebäbi dünýäni sazyň üsti bilen eşitmek, ýaşaýyş ýalkawyny saz arkaly syzmak owaldan Adam ata kowmunyň goşa goşa tardan ýalkawydyr.

Haýsy milletiň taryhyna düşünjek bolsaň, onuň ruhy mirasyna belet bolmaly. Aýdym-saz – asyrlaryň bize gelip ýeten çeper owazy.

Diýmek, sazy diňlemegi, oňa düşünmegi, şirwan perdeleriň mukam bolup pagyş-para edýän duýgularyny syzmagy başarmak adamy beýleki mahluklardan tapawutlandyrýan ynsanlyk mertebeleriniň biri bolmaly! Meşhur Babagammar piriň ýüreginde şinelän bu inçe senet, gör, nijeme nesilleri arkama-arka ruhy päklige, ahlak kämillige çagyryp gelipdir?! Gadymy hem müdimi halkymyz goşa tara özüniň ykbalyny, ýürek arzuwyny, köňül küýsegini, ýagty umydyny ynanypdyr.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda her bir güni şanly senelere beslenýän türkmen döwletimizde, biziň bilim ojagymyz bolan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýamyzda şeýle şanly wakanyň şaýady bolduk. Halk saz gurallary fakultetiniň «Türkmen sazy» kafedrasynyň hepdeliginiň çäklerinde geçirilen halypamyz uly mugallym Türkmenistanyň halk artisti Magtymguly baýragynyň eýesi Akmyrat Çaryýew bilen «Edebiň ýagşysy – ulyny syla» atly aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. Akmyrat halypa bize öz durmuş ýoly, saz sungatyna gelişi, öz sapak alan halypalary barada gürrüň berdi. Bu duşuşyga talyp deň-duşlarymyz bilen birlikde okuw jaýymyzyň mugallymlary hem gatnaşdy. Soňra halypamyz söhbetdeşligiň dowamynda ýaşlara watan söýüjiligi, ahlaklylygy, käriňe wepaly hyzmat etmekligi, öz käriň eýesi bolmalydygyny ündedi. Halypamyza öz geçen durmuş ýolundan sungatda bitiren işlerinden gyzyklanma bildirip sorag-jogap alyşdyk. Halypamyz her bir berlen soraga ýerlikli we düşnükli jogap berdi. Bagşa sazandarlyk etmegiň düzgünlerini düşündirdi, işleşen halypalary barada has-da gyzykly gürrüň berdi. Soňra halypamyz şägirtleri Ähmet Şadurdyýew hem-de Toýly Çaryýew bilen bilelikde öz döreden «Mähirli» diýen eserini ýerine ýetirip berdi, ýekelikde bolsa halypasy Çary Täçmammedowyň ýerine ýetiriş usulynda «Balsaýat» diýen türkmen halk sazyny ýerine ýetirip berdi. Ýokary derejede geçen bu döredijilik duşuşygy talyp deň-duşlarymyza hem-de mugallymlara uly täsirini ýetirdi.

Bize öwrenmäge, okamana zehinimizi açyp görkezmäge şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza talyp ýüregimden çuňňur sagbolsun aýdasym gelýär, olaryň başlary dik, janlary sag, tutýan tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Islam Akmämmedow