Şu ýylyň ahyrynda Ýaşlaryň dabaraly maslahaty we sergisi geçiriler


Şu ýylyň ahyrynda Ýaşlaryň dabaraly maslahaty we sergisi geçiriler



Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisiň ahyrynda döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, şu ýyl Türkmenistanyň ýaşlarynyň durmuşynda ýatdan çykmajak köp sanly çäreleriň geçirilendigini belledi.

— Ýakynda ýokary derejede geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionatynda hem biziň türgenlerimiz şowly çykyş edip, gowy netijeleri gazandylar, baýrakly orunlara, köp sanly medallara mynasyp boldular. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanýan taryhy üstünliklerimizde ýaşlarymyza uly orun degişlidir. Bagtyýar ýaşlarymyz ata Watanymyzyň şan-şöhratyny artdyrmakda öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, biziň beýik geljegimiz ýaşlaryň bagtyýarlygy bilen berk baglydyr. Şu ýylda bilimde, ylymda, sportda, medeniýetde, senagatda, oba hojalygynda we ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynda ýaşlarymyz uly üstünliklere eýe boldular. Diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, halkara derejeli ýaryşlarda, olimpiadalarda döwletimiziň tuguny belentde parladyp, uly ýeňişleri gazandylar.

Ýurdumyzda ýaşlary goldamak, höweslendirmek, öz ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini açyp görkezmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bu alyp barýan işlerimizi biz geljekde hem dowam ederis — diýip, hormatly Prezidentimiz Serd¬ar Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň ahyrynda Ýaşlaryň dabaraly maslahatynyň we sergisiniň geçiriljekdigi barada aýdyp, bu dabarada ýylyň dowamynda Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda geçirilen halkara sport ýaryşlarynda, mekdep okuwçylarynyň olimpiadalarynda, talyp ýaşlaryň bäsleşiklerinde ýeňiji bolanlaryň, şeýle hem ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda zähmet çekip, ýurduň ösüşine mynasyp goşant goşan ýaşlaryň gazanan üstünlikleriniň jeminiň jemleniljekdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, maslahata we köpugurly sergä Türkmenistanyň ösüşine, onuň at-abraýynyň has-da belende galmagyna öz mynasyp goşantlaryny goşýan ýaşlar gatnaşar.

— Bu dabara ýurdumyzda geçirilen halkara ýaryşlarynda ýeňiji bolan daşary ýurtly türgenleri, tälimçileri hem-de beýleki ugurlar boýunça ýeňiş gazanan ýaşlary hem çagyrmaly. Geçiriljek maslahatda we sergide ýaşlarymyzyň gazanan üstünlikleri, ylmy açyşlary öz beýanyny tapmalydyr. Dabaraly maslahatyň dowamynda ýaşlaryň alyp baran işlerine, gazanan netijelerine mynasyp baha bereris. Olary sylaglamak bilen, geljekki uly üstünliklere ýol açarys — diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wise-premýer N.Amannepesowa hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna guramaçylyk toparlarynda ýaşlary çeken zähmetine, gazanan üstünliklerine görä sylaglamak meselesine seretmegi we degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy. Şeýle hem bu dabaraly maslahaty we sergini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça degişli işleri geçirmek babatda görkezmeleri berdi.