Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi


Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi



8-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan– parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen Täze, 2021-nji ýylda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň ilkinji mejlisini geçirdi. Oňa Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri hem gatnaşdy. Mejlisde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Pudaklary ösdürmegiň netijeleri, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamalary, şeýle hem şanly senäniň - Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy we şu ýylyň şygary mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilen çäreleriň maksatnamalary üns merkezinde boldy.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.