ÜZÄRLIK WE TÄMIZLIK
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseriniň I-nji jildinde üzärligiň peýdalanylyşy, ondan derman taýýarlanylyşy we ulanylyşy giňişleýin beýan edilýär. Üzärligiň ysyndan bakteriýalaryň, zyýanly mör-möjekleriň gaçýandygy ir wagtlardan bäri belli bolup, munuň özi onuň otunyň we tohumynyň düzüminde alkaloidleriň örän köp mukdarda bolmagy bilen häsiýetlendirilýär.
Bu gymmatly eserde müňýyllyklaryň dowamynda pederlerimiziň ýaramaz endiklere garşy durmagyň, dürli ýokanç keselleriň öňüni almagyň subut edilen netijeli milli usullaryny döredendigini, häzirki döwürde üzärligi tütetmek arkaly milli dessurlaryň döwrebap derejede dowam etdirilýändigi uly kanagatlanma bilen bellenilýär. «Paýhasly ata-babalarymyz ähmiýetli dessurlara başlanda, täze jaýa göçüp gelende, öýe täze gelin gelende, üzärlik tütetmek ýörelgesini pugta dessura öwrüpdir. Üzärligiň tüssesiniň ýylyň belli bir wagtynda döreýän birnäçe ýokanç keseliň öňüni alýandygy, onuň adamlaryň bedeninde kesele durumlylygyň berkidilmegini üpjün edýändigi ylmy taýdan ykrar edildi» diýip, hormatly Arkadagymyz nygtap belleýär.
Ýurdumyzda lukmançylygyň nyşanynda üzärligiň şekiliniň ýerleşdirilmegi ýöne ýerden däldir. Çünki onuň halk tebipçiliginde we ylmy lukmançylykda köp sanly keselleriň öňüni almakda we olary bejermekde giňden ulanylýandygy bellidir. Dürli görnüşli göze görünmeýän wiruslaryň adam bedenine aralaşmagynyň öňüni almakda üzärlik tüssesiniň peýdasyny asyrlaryň durmuş tejribesi subut edip gelýär. Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz halkymyzyň üzärlik tütetmek däbiniň häzirki döwürde dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlarda aýratyn ähmiýetlidigine ünsi çekýär. Özüniň bakterisid, bakteriostatik häsiýetleri bilen tapawutlanýan bu ösümligi guradylan görnüşde tütetmek arkaly, öý we iş otaglarynyň howasyny arassalamak mümkindir. Munuň üçin otagyň penjirelerini ýapyp, ösümligi demir gapda tütetmeli. Tüsse otagyň içine mazaly ornaşandan soňra, gapyny ýapyp, 5 — 10 minut goýmaly. Soňra gapyny we penjireleri açyp, otagyň içini şemallatmaly. Bu arassaçylyk düzgünlerini günüň dowamynda 2 gezek ýerine ýetirmek dürli ýokançlaryň öňüni almakda ähmiýetlidir.
Bize sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdunda sagdyn hem bagtyýar ýaşamaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi