Saglyk — baş baýlyk


Saglyk — baş baýlyk



Howanyň sowamagy bilen güýz-gyş aýlary ýiti respirator ýokanç keseller köpelýär. Keseliň esasynda dem alyş ýollary zeperlenýär. Ýiti respirator ýokanç keselleri ýygy-ýygydan gaýtalanyp, biziň kadaly durmuşymyza päsgel berýär. Kesel sebäpli adamda gyzgynynyň ýokarlanmagy, kelle agyry, ysgynsyzlyk, umumy gowşaklyk döreýär. Kesel agyr geçen ýagdaýynda ýürek-damar ulgamy, dem alyş ulgamy, merkezi nerw ulgamy zeperlenýär we agyr gaýraüzülmeler ýüze çykýar.
Ýiti respirator ýokanjy – çagalarda iň köp duş gelýän keseldir. Bu keselde esasan hem ýokarky dem alyş ýollary zeperlenýär, şol sebäpli oňa respirator diýilýär. Bu kesel esasan hem, gowşak, immuniteti pes çagalarda köp duş gelýär.
Kesel howa, damja arkaly we galtaşma üsti bilen geçip biler (çaga oýnawaçlarynyň, gap-gaçlaryň, egin-eşikleriň üsti bilen). Howadan geçme ukyplylygy 2 sagatdan – 9 sagada çenli dowam edýär.

Ýiti respirator ýokanjy – kliniki alamatlarynyň örän basym ýüze çykýanlygy bilen häsiýetlidir. Ilkinji 24 – 36 sagatda, bedeniň gyzgyny ýokary derejä galýar. Göz almasynyň hereket edilende agyrmasy, ýagtylykdan gorkmak, muskullaryň we bogunlaryň agyrmasy, ýürek bulanma we gaýtarma, gan basyşynyň düşmegi mümkin. Gury agyrly üsgürme bolmagy mümkin, burnunyň dykylmasy, keselländen birnäçe sagat geçenden soň ýüze çykyp biler.
«Ene süýdi çagalary ýiti respirator ýokanjyndan goraýarmy?» diýen sorag ýüze çykýar.
Ene süýdi bilen iýmitlenýän çagalar ene süýdüniň üsti bilen taýýar immunitet alýarlar. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy hem çagalary 2 ýaş we uly ýaşa çenli ene süýdi bilen iýmitlendirmegi maslahat berýär. Ene süýdündäki goraýjy antitelalar çaganyň içegelerinde peýdaly bakteriýalaryň ösüşini güýçlendirýär, zyýanly floranyň ösüşini bolsa togtadýar. Şeýlelikde, çaganyň immuniteti ýokarlanýar, bu bolsa sowuklama keseline ýykgynlygyny azaldýar.
Uly ýaşly çagalar hem dogry iýmitlenmelidir, gündelik iýmiti beloga we ýaga baý bolmalydyr. Sowuklamadan goranmak üçin nahara sarymsagy, sogany, gök-önümleri we düzüminde köp mukdarda С witamini saklaýan ir-iýmişleri goşmaly. Tagamyny güýçlendirijilerden, reňkleýjilerden, emeli witaminlerden daşda durmaly, sebäbi olar allergiki täsirini ýetirýär. Bu hem çagalarda immunitetiň peselmegine getirýär. Ertirlik, günortanlyk we agşamlyk naharlar öýde taýýarlanylyp, bellibir sagatda berilse, iýmitiň özleşmegine, bedeniň rahat ösmegine oňat täsiri bolup biler.
Bedeni berkitmek çaga üçin iň gowy bejergidir. Munuň üçin lukman bilen ýa-da beden berkidiji hünärmenler bilen maslahatlaşmak has peýdaly bolar. Uky, dynç alyş, bedeniňi berkitmek, talabalaýyk iýmitlenmek bularyň hemmesi bedeniň dikelmegine, güýçlenmegine oňat täsir edýär, ýokançlara garşy göreşmäge ukyplylygyny ýokarlandyrýar.

Sona ÖWEZMYRADOWA