Aşgabatda Abaý Kunanbaý oglunyň heýkeli oturdylar
Ozal hem habar berşimiz ýaly, 3-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 10-njy sammitine gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş sapary boldy.
Ýokary derejeli duşuşygyň öňüsyrasyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow «Akorda» köşgüne bardy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylady.
Soňra köşgüň «Gündogar» otagynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Gazagystan Respublikasynyň Baştutanynyň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.
Ikitaraplaýyn gepleşikleriň dowamynda iki dostlukly ýurduň arasynda ýola goýlan köpugurly hyzmatdaşlyklaryň halkaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde özboluşly ähmiýete eýedigini bellediler.
Duşuşygyň dowamynda, türkmen halkynyň Milli Lideri Astana şäherinde türkmeniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň heýkelini oturtmak baradaky başlangyjy üçin goňşy döwletiň Baştutanyna minnetdarlyk bildirdi. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe täze gurulýan Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynda gazak halkynyň pelsepeçi alymy we beýik akyldar şahyry Abaý Kunanbaý oglunyň heýkeliniň oturdyljakdygyny habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň görnükli şahsyýetlerine bagyşlanan bilelikdäki çäreleri geçirmek teklip edildi.
Duşuşykda milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, geljek ýyl beýik türkmen şahyry, Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýiniň baýram ediljekdigini belledi. Türki medeniýetiň halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ-nyň çäklerinde 2024-nji ýyl «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda we daşary döwletlerde duşuşyklar, forumlar, şol sanda bu guramanyň gatnaşmagynda çäreler geçiriler diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy we gazagystanly dostlarymyzy bu çärelere işjeň gatnaşmaga çagyrdy.