Sungat dünýäsiniň ýiti öwüşginleri
Ýakynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň Sergiler jaýynda Türkmenistanyň Halk suratkeşi, heýkeltaraş Gylyçmyrat Ýarmämmedowyň
şeýle-de Suratkeşler birleşiginiň agzalary, zehinli suratkeşler Mämmet hem-de Seljuk Ýarmämmedowlaryň “Geljek üçin geçmiş hakynda” atly döredijilik sergisi gurnaldy. Sergide görkezilýän eserler bu üç suratkeşiň ýyllaryň dowamynda çeken önjeýli zähmeti bilen birlikde, giň dünýägaraýyşlaryny, çuňňur pikirlerini, özboluşly döredijilik zehinlerini hem açyp görkezdi. Şeýle-de, bu döredijilik sergisi Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde ýola goýlan “Halypa-şägirtlik” ýolunyň şekillendiriş sungatynda aýdyň şöhlelenmesi hökmünde möhüm ähmiýete eýe boldy.
Türkmen heýkeltaraşlyk sungatynyň ösüş ýolunda wajyp sütünleriň biri hasaplanýan Gylyçmyrat Ýarmämmedowyň döredijiligi her birimiz üçin nusga hasaplanýar. Ol dürli temalary açyp görkezýän kiçi göwrümli stanok eserleriň, ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetirilen portretleriň awtory bolmak bilen birlikde, dürli ýyllarda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde oturdylan heýkel ýadygärlikleriň bina edilmegine hem öz mynasyp goşandyny goşdy.
Ata kesbini üstünlikli dowam etdirýän ýaş suratkeş Mämmet Ýarmämmedow hem-de heýkeltaraş Seljuk Ýarmämmedow häzirki wagtda döredijilik ýollaryny ýokary depginde alyp barýarlar.
Mämmet Ýarmämmedowyň nakgaş eserlerinde esasy orun ýiti hem sesli reňk zolaklaryna, umumylykda haýsydyr bir şekili emele getirýän göwrümlere degişlidir. Suratkeşiň her bir eseri – giň dünýägaraýyşly döredijilik adamyň çuňňur pelsepewi garaýyşlaryna ýugrulan ajaýyp sungat nusgasydyr.
Döwrebap heýkeltaraşlyk sungatynda heýkel ýasama stili, eserlerinde temany açyp görkezmekde üýtgeşik çemeleşmesi bilen tapawutlanýan ýaş zehinleriň biri Seljuk Ýarmämmedowdyr. Ýaşlygyna garamazdan, heýkeltaraşyň sergide görkezýän eserleri irginsiz gözlegleriň, zähmetiň, yhlasyň we tutanýerliligiň esasynda dörän miwelerdir
Umuman, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň Sergiler jaýynda açylan “Geljek üçin geçmiş hakynda” atly döredijilik sergisi sungat äleminde ýiti mazmunly hem gyzykly wakalaryň biri boldy. Türkmen şekillendiriş sungatynda ähmiýetli orny eýeleýän suratkeşler maşgalasynyň ýiti zehininden dörän eserler sergä gelen tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.
Gülnara KURBANMUHAMMEDOWA