Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 10 aýynyň jemine bagyşlanan Hökümet mejlisini geçirdi


Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 10 aýynyň jemine bagyşlanan Hökümet mejlisini geçirdi



10-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. «Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, mejlisde şu ýylyň 10 aýynda milli ykdysadyýetiň pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy hem-de ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hökümet mejlisinde, ilki bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi. Mejlisiň Başlygynyň belleýşi ýaly, şeýle hem häzirki wagtda parlamentiň iş toparlarynda ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, täze Kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak işleri amala aşyrylýar we hereket edýän hukuk namalaryna üýtgetmelerdir goşmaçalar girizilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurduň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Soňra wise-premýerler hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işler, olaryň netijeleri, şol sanda milli ykdysadyýetiň makroykdysady görkezijileri, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenilýän teklipler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, degişli ugurlar boýunça öňde boljak çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri, resminamalaryň taýýarlanan taslamalary barada hasabatlary berdiler.

Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, halkara gatnaşyklar, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Hökümet mejlisiniň barşynda käbir guramaçylyk meselelerine-de seredildi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz birnäçe resminamalara gol çekdi.

Mejlisiň dowamynda oňa gatnaşyjylar, ýurtda giňden bellenilýän Hasyl toýy mynasybetli, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hökümet agzalaryna ýüzlenip, şu ýylyň 10 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň Garaşsyz Türkmenistanyň üstünlikli ösýändigini görkezýändigini kanagatlanma bilen belledi.

— Ýylyň tamamlanmagyna az wagt galdy. Şoňa görä-de, şu ýyly üstünlikli jemläp, 2024-nji ýyly gowy netijeler bilen garşylamak üçin, galan wagtyň içinde zerur bolan işleri geçirmelidiris — diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 12-nji noýabrda Türkmenistanda giňden belleniljek Hasyl toýy bilen ähli türkmen halkyny, zähmetsöýer hasyl ussatlaryny gutlady.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.