ŞHG BILEN GATNAŞYKLAR BITARAP TÜRKMENISTANYŇ “AÇYK GAPYLAR” SYÝASATYNYŇ BEÝANYDYR


ŞHG BILEN GATNAŞYKLAR BITARAP TÜRKMENISTANYŇ “AÇYK GAPYLAR” SYÝASATYNYŇ BEÝANYDYR



25-nji noýabrda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň hökümet Baştutanlarynyň ХХ ýubileý mejlisine gatnaşdy. Onuň barşynda ŞHG-niň çäklerinde özara gatnaşyklary ösdürmek meseleleriniň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda-ykdysady, maýa goýum we ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol sanda koronawirus pandemiýasynyň täsirini aradan aýyrmak bilen baglylykda, gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.
Çykyşynyň ahyrynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna gatnaşyjylara, onuň agzalaryna we synçylaryna deň¬ze çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatyna gatnaşmak baradaky çakylygyny ýetirdi.
Bu maslahaty Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda 2022-nji ýylyň aprel aýynda geçirmek meýilleşdirilýär.