Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleri birek-birege it güjügini sowgat etdiler


Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleri birek-birege it güjügini sowgat etdiler

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Ankarada saparda bolmagynyň çäklerinde Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen gepleşik geçirdi. Gepleşikleriň jemleri boýunça resminamalar toplumyna gol çekildi we metbugat maslahaty geçirildi.

«Anadolu»-nyň habar bermegine görä, ikitaraplaýyn maslahatlar tamamlanandan soňra dostlugyň we birek-birege çuňňur hormatyň nyşany hökmünde it güjügini sowgat bermek çäresi geçirildi.

Serdar Berdimuhamedow türkiýeli kärdeşine türkmen alabaý itiniň güjügini, türk Lideri bolsa türkmenistanly kärdeşine kangal tohumly itiň güjügini sowgat berdiler.