Ylym bagtly geljegiň binýadydyr


Ylym bagtly geljegiň binýadydyr



Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Ylymlar güni mynasybetli halypa mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda «Ylym bagtly geljegiň binýadydyr» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Geçirilen dabaraly çärede berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Lidermiziň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty esasynda gazanylýan beýik üstünlikler hakynda nygtaldy. Şeýle-de maslahatda çykyş edenler Türkmenistan döwletimizde ylym-bilim pudagyny ösdürmekligiň öňde goýulýan iri maksatlaryň biridigini, Arkadag Prezidentimiziň döwlet başyna geçen ilkinji günlerinden ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde, ýaşlaryň ylymly-bilimli bolmaklary ugrunda bitiren beýik işleri hakynda gyzykly gürrüňleri berdiler.
Dabaranyň ahyrynda çykyş edenler ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde giň mümkinçilikeri döredip berýän alym Arkadagymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.