EZBER KITAPHANAÇYLARYŇ ÜSTÜNLIGI


EZBER KITAPHANAÇYLARYŇ ÜSTÜNLIGI



Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň kitaphanaçylarynyň arasynda yglan edilen bäsleşigiň jemi jemlenildi. Üstümizdäki ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilmegi mynasybetli guralan bu bäsleşigiň maksady, kitaphanaçylaryň zehinini açyp görkezmekden, ýurdumyzyň ösüşlerini olaryň işleriniň dürli ugurlary arkaly wagyz etmekden hem-de hünärmenleriň kämil iş tejribesini kitaphanalaryň arasynda ýaýratmakdan ybaratdyr. Şunuň bilen baglanyşykly, bäsleşige gatnaşýan kitaphanaçylaryň wagyz işine ökdeligine, tejribesine, köpçülikleýin habar beriş çeşmelerinden peýdalanyş ukybyna aýratyn üns berildi. Emin agzalary kitaphanaçylaryň ýylyň şygary boýunça içeri we daşary syýasaty teleýaýlymlarda hemde gazet-žurnallarda wagyz edişlerine ünsi çekdiler. Kitaphanalarda 2024-nji ýylda doglan gününiň 300 ýyllygy belleniljek akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan maslahatlar hem guraldy. Okyjylar olara has işjeň gatnaşdylar. Şular bilen bagly görnüşler teleýaýlymlarda görkezildi. Bu çäreleriň geçirilişi barada metbugatda habar berildi hem-de bu işleriň ählisi bäsleşige gatnaşyjylaryň üstünligi hökmünde bellenildi.

Kitaphanaçylaryň arasynda yglan edilen bäsleşik iki tapgyrda geçirildi. Olaryň birinjisi Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarda ýerleşýän welaýat, merkezi etrap we şäher kitaphanalarynyň arasynda geçirildi. Birinji tapgyrda ýe¬ňiji bolanlar döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşigiň ikinji, jemleýji tapgyry hem guramaçylykly geçirilip, onda baş baýraga Lebap welaýat kitaphanasynyň birinji derejeli usulçysy Akgül Şamuhammedowa mynasyp boldy. Birinji orna Mary welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy Gunça Ataýewa, ikinji orna ýene-de şu welaýatdan kitaphanaçy Seýitmuhammet Seýitmuhammedow, üçünji orna Aşgabat şäheriniň merkezleşdirilen kitaphana ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky şahamçasynyň müdiri Enejan Geldiýewa mynasyp boldular. Ýeňijilere Medeniýet ministrliginiň Hormat hatlary hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.



Gülbahar KULOWA.