TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERINIŇ, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINE RESMI SAPARY
11-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Birleşen Arap Emirliklerine ugrady.
***
12-nji fewralda ir bilen Birleşen Arap Emirliklerinde resmi saparda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sapar mahaly kabulhanasy ýerleşýän “Emirates Palaсe” myhmanhanasyndan çykyp, Pars aýlagynyň kenarynda gezelenç etdi, irki maşklary ýerine ýetirdi.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparyny tamamlap, Abu-Dabiniň Halkara howa menziline tarap ugrady. Ol ýerde Milli Liderimizi adalat ministri Abdullah bin Sultan bin Awad Al Nuaimi hem-de beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar.
Birleşen Arap Emirlikleriniň adalat ministri saparyň üstünlikli tamamlanmagy bilen gutlady hem-de ikitaraplaýyn gepleşikleriň we saparyň maksatnamasynyň çäklerinde geçirilen duşuşyklaryň hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Birnäçe sagatdan soňra, uçar paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar garşyladylar.