Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşyk geçirdi


Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşyk geçirdi



5-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary tamamlandy. Ozal habar berlişi ýaly, düýn milli Liderimiz HHR-iň Başlygynyň çakylygy boýunça Pekinde geçirilýän XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.
D a b a r a t a m a m l a n a n d a n s o ň , hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň Halk ýygnaklar öýünden Pekiniň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerden döwlet Baştutanymyz Watanymyza ugrady.
Birnäçe sagat uçuşdan soň döwlet Baştutanymyzyň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip gondy.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek maksady bilen, Hytaýa sapardan gaýdyp gelenlerinden soňra, 3 günlük hökmany karantinde bolarlar.